Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Derweze gaz krateriniň işjeňligi peseldi

12:3605.06.2025
0
17309

Aşgabat şäherinde geçirilýän «Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ikinji bölümçesiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň müdiri Irina Lurýewa giň halk köpçüligine «Garagumuň ýalkymy» ady bilen tanalýan Derweze gaz krateriniň işjeňliginiň ep-esli peselendigi barada habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Çaljulba käninde birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan ylmy we önümçilik işleriniň netijeleri hem-de yzygiderli gözegçilikler krateriň gaza bolan üpjünçiliginiň ep-esli derejede azalandygyny görkezýär. Muny ýangynyň görnetin peselmegi we halkara hyzmatdaşlar tarapyndan berlen emeli hemra synlarynyň maglumatlary hem tassyklaýar.

I.Lurýewa Çaljulba käninde ýerine ýetirilen işler boýunça taýýarlanan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň — ozal ýatyrylan guýularyň gaýtadan özleşdirilmegi we täze guýularyň buraw edilmegi bilen, gazlaryň süzülme akymlarynyň gözegçilik astyna alynmagyna, şeýle-de metanyň tertipsiz ýagdaýda atmosfera zyňylmagyny azaltmaga mümkinçilik dörändigini nygtady. Bu netijäniň gazanylmagynda ylmy çemeleşmäniň, geologik we gidrodinamik maglumatlaryň toplumlaýyn seljerilmeginiň hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik bölümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Mundan başga-da, I.Lurýewa krateriň işjeňliginiň peselmeginiň Türkmenistanyň howa ýetirilýän täsirleri azaltmak boýunça halkara borçnamalaryna, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Ählumumy metan borçnamasyna ygrarlydygynyň subutnamasydygyny aýratyn nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň