Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýiten «iPhone» telefonlarynyň dünýä merkezini Şençžen şäherinden tapdylar

12:0323.05.2025
0
14240
 Ýiten «iPhone» telefonlarynyň dünýä merkezini Şençžen şäherinden tapdylar
Surat: Appleinsider.ru

Dünýäniň dürli künjeklerinden ogurlanan «Apple» smartfonlary ahyrky netijede Hytaýdaky ýeke-täk binada jemlenýär. Bu barada öz derňewleri arkaly «ogurlyk iPhone telefonlarynyň öýüni» tapan «Financial Times» gazeti ýazýar.

Ol Şençžen şäheriniň Huasýanbeý etrabyndaky Feiyang Times gökdiränidir, ol ýerde britan gazetiniň ýazmagyna görä, ogurlanan «Apple» tehnikalarynyň ählumumy zynjyrynyň merkezi ýerleşýär.

Neşir Londonda ýaşaýan telekeçi Sem Amraniniň gürrüňini getirýär, ol gezelenç edip ýörkä, elektrowelosipedli iki sany betpäl täze «iPhone 15 Pro» smartfonyny elinden kakyp alyp gaçypdyrlar. Telekeçi «Find My» ulgamynyň kömegi bilen öz telefonynyň gysga wagtda 10 müň kilometre golaý ýol geçendigini anyklapdyr. Ady tutulan priloženiýe az wagtda gajetiň Londondaky smartfonlary abatlaýan gizlin ussahana düşendigini görkezýär, soňra iPhone britan paýtagtyndaky birnäçe salga, bir hepdeden bolsa Gonkonga, ondanam tiz wagtda Şençžene baryp düşüpdir. Gajet öz «syýahatyny» Feiyang Times gökdiräninde tamamlapdyr.

Gökdirän ady tutulan smartfonlary abatlamak ýa-da täzelemek üçin belli bolan ýerdir, şeýle-de ogurlyk «iPhone» telefonlarynyň iň iri bazarlarynyň biridir diýip, «Financial Times» ýazýar. Binanyň dördünji gatynda Ýewropadan we ABŞ-dan getirilen ulanylan «iPhone» telefonlary satylýar. Şeýle gajetler «arassa» enjamlar hökmünde gymmatly, hatda gabalan (bloklanan) smartfonlaryň ol ýa-da beýleki şaýlaryny satyn almak isleýänler hem ol ýere barýarlar. Amerikan we ýewropa smartonlaryny satyjylar enjamlaryň nädip ol ýere düşendiklerini bilmeýändiklerini aýdýarlar.

«Financial Times» neşiriniň ýazmagyna görä, Londonda ogurlyk smartfonlaryň bikanun dolanyşygy ýylda 65,5 million dollary düzýär. Pariždäki we Nýu-Ýorkdaky bu jenaýatçylykly senagatyň girdejileri hem şondan az däl diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň