Şri-Lankada ýolagçy awtobusy kert gaýadan ýykylyp, azyndan 21 adam gurban boldy. Bu barada ýerli polisiýa edarasyna salgylanýan «Tamilwin» internet saýty habar berdi.
Awtobusyň Kotmalaý Kerantella etrabynyň çäginde ýerleşýän daglykda Nuwara-Eliýa-Gambala ýolunda gaýadan gaçandygy aýdylýar. Saýtda ýerleşdirilen fotosuratda Şri-Lankanyň Ulag edarasyna degişli bolan awtobusyň uçut gaýanyň düýbünde otlukda agdarylyp ýatandygy görünýär. Onuň töweregindäki adamlar ejir çekenleri we heläk bolanlaryň jesetlerini awtobusdan çykarmakçy bolýarlar.
Şikes alanlar hassahanalara eltildi, olaryň sany belli däl.