Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýumşak güýç» taglymynyň awtory Jozef Naý aradan çykdy

18:2009.05.2025
0
24786
«Ýumşak güýç» taglymynyň awtory Jozef Naý aradan çykdy
Surat: Gazeta.ru

ABŞ-da syýasatşynas, «ýumşak güýç» taglymynyň awtory Jozef Naý 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Garward uniwersitetiniň Jon Kennedi adyndaky dolandyryş mekdebiniň saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Naý «ýumşak güýç» we neoliberalçylyk taglymyny Garwardyň professory hökmünde alty onýyllygyň dowamynda işläp düzdi» diýlip, habarda aýdylýar.

1993–2001-nji ýyllarda ABŞ-da Bill Klintonyň Prezidentligi wagtynda Naý goranmak ministriniň we Milli aňtaw geňeşiniň başlygynyň kömekçisi bolup işledi. 1995-2004-nji ýyllarda Dolandyryş mekdebiniň dekany boldy.

Professoryň işläp düzen «Ýumşak güýç» taglymy ýurduň zor salmak we harby güýç ulanmazdan, öz maksatlaryna ýetmegini aňladýar. Uniwersitetde Naýtyň «güýjüň diňe harby goşunyň we awiagöterijileriň sany bilen ölçenilmeýändigi» barada düşünjäniň kemala gelmeginde möhüm hyzmaty bitirendigini nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň