Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýakut filmleriniň kassa ýygymlary artýar

17:5407.05.2025
0
21348
Ýakut filmleriniň kassa ýygymlary artýar
Surat: Lifehacker.ru

Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynda (Ýakudystan) öndürilen filmler 2025-nji ýylyň başyndan bäri 174 million rubldan gowrak kassa ýygymyny toplady, bu 2024-nji ýylyň görkezijilerinden has köpdür diýip, Respublikanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda munuň ýakut filmlerine federal derejede gyzyklanmanyň ýokarlanýandygyny görkezýändigi bellenýär. Ýagny ýylyň başyndan bäri ýakut filmleriniň daşary ýurt prokaty 2 million rubldan gowrak boldy. Respublikanyň özünde bolsa, ýerli filmler kinoteatrlaryň kassa ýygymlarynyň 50 göteriminden hem köp boldy.

Iň üstünlikli ýakyt filmleriniň hatarynda «Tomus gutarar», «Diodorowa. Akymyň garşysyna», «Min aatym Taptal» («Meniň adym Söýgi»), «Meniň magşugym — aýdol!» we «Aldan» görkezilýär.

Ýakut filmleri eýýäm köp wagtdan bäri daşary ýurtlarda-da meşhurdyr, Ýakutiýa Moskwadan we Sankt-Peterburgdan soňra filmleriň önümçiligi boýunça üçünji orunda durýar.

Respublikada 2022-nji ýylda kinematografy goldamak boýunça Federal kanun kabul edildi. Häzirki wagtda ol ýerde Uzak Gündogarda ýeke-täk bolan doly derejeli kinotehnologik merkez gurmak meýilleşdirilýär diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň