Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 7-10-njy maýda resmi sapar bilen Russiýa barar. Bu barada Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Habarda Szinpiniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmakçydygy aýdylýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary gepleşikleriň barşynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň birgidenine gol çekmek meýilleşdirilýär.