Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1941 — 1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli «Rowaç alyp beýik peder ýolundan, Bakylyk ýollaryň ýagty seň Watan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, 2-nji maýda bolan dabara uruş we zähmet weteranlary, hormatly dynç alyşdaky ýaşulular, ene-mamalar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Bu ýerde edilen çykyşlarda Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesiniň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy, deňsiz-taýsyz mertlikleri barada buýsanç bilen bellenildi.
Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen «Mertler Watany beýgeldýär» atly sahnalaşdyrylan çykyş dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Dabarany Türkmen döwlet uniwersiteti Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady diýlip, habarda bellenilýär.
