Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda API SP hil derejesiniň halkara standartlaryna laýyk gelýän çalgy ýag materiallaryň önümçiligi işe girizildi. «Täze senagat» hususy kompaniýasy dürli görnüşli ulag serişdeleri we senagat enjamlary üçin ýokary hilli ýaglary öndürýär.
Önümler hereketlendirijileriň ygtybarly işlemegini, ýokary temperaturalara durnuklylygyny we ýangyjyň tygşytlylygyny üpjün edýän häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanyp öndürilýär. Esasy ýaglar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär, ýörite goşundylar (prisadkalar) bolsa «Infineum» kompaniýasyndan alnyp, ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan import edilýär.
«Greenhill» söwda nyşany bilen belli bolan çalgy ýag materiallary ekologiýa standartlaryna laýyk gelýär we içerki bazarda hem, şeýle-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Ýerli çig maly we ýerli önümçiligi ulanmak bilen, bäsdeşlige ukyply bahalar üpjün edilýär.
Kompaniýa önümleriň görnüşlerini giňeltmegi, önümçiligiň möçberlerini artdyrmagy we önümlerini sebitiň ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär.