Öňdäki üç aýda dünýäde howanyň örän maýyl bolmagyna garaşylýar diýip, Russiýanyň Howa maglumaty gullugynyň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Metbugat maslahatynda russiýaly hünärmen howanyň kadadan çykýan maýlamasyna Demirgazyk Afrikada, Madagaskarda, Aziýada, Günorta, Merkezi we Demirgazyk Amerikada, Täze Zelandiýada, Awstraliýada hem-de Gündogar Ýewropada garaşylýandygyny belledi. Mundan başga-da, Gündogar Ýewropada ygalyň ýetmezçiligine garaşylýar.
Şeýle çaklamanyň sebäbi maýda, iýunda we iýulda Dünýäde ummanynda howanyň derejesiniň öňküsi ýaly ýokary boljakdygydyr diýip, Wilfand sözüniň üstüni ýetirdi.