Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

08:5228.04.2025
0
10527

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Türkmen halkynyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orun eýeleýän hem-de tutuş dünýäde şöhrata eýe bolan ajaýyp bedewler Türkmenistanyň milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri naýbaşy atlar bolmak bilen, türkmen halkynyň beýik taryhyna, ata-babalarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni mirasyna wepalylygynyň nyşanydyr» diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.

Rustam Minnihanow türkmen atşynaslarynyň bu deňsiz-taýsyz atlaryň tohumyny gorap saklamak babatda irginsiz zähmetiniň, şeýle hem türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan çäksiz söýgüsiniň haýran galdyrýandygyny aýratyn belleýär.

Tatarystanyň Baştutany gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň doganlyk halky bilen bu baýramyň şatlygyny paýlaşýandyklaryny nygtaýar hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we onuň ýakynlaryna, ýurduň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen döwletine bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň