Ertir – 28-nji aprelde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy açylar.
Halkara forumyň öň ýanynda, ýagny şu gün Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrunda sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.
YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, ilçi Silapberdi Nurberdiýew çykyşynda saglygy goraýyş, gender deňligi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreler barada durup geçdi. Şeýle-de ykdysady ösüş ýaly möhüm ugurlarda ýüze çykýan kynçylyklary çözmek üçin sazlaşykly syýasatlaryň, sebitleýin hyzmatdaşlygyň hem-de innowasion çözgütleriň zerurdygy nygtaldy.
Guramanyň resmi maglumat bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Arkadag şäherinde geçiriljek YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň Jemleýji resminamasynyň taslamasyna garaldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda «Ýol kartasy» bolup hyzmat eder.