Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2025-nji ýylyň aprel aýynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde 1-nji orny eýeläp, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ady alan atyň eýesini 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toýota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.