Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň diplomatlary Moskwadaky Näbelli esgeriň mazaryna gül desselerini goýdular

11:2826.04.2025
0
31677

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärleri 25-nji aprelde Aleksandr bagyndaky Näbelli esgeriň mazaryna gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Çäre Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.

Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Agyr uruş ýyllarynda merdana türkmen halkynyň müňlerçe wekilleri beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde janlaryny gaýgyrman, gazaply frontda duşmana garşy söweşdiler we deňsiz-taýsyz gahrymançylyk we batyrgaýlyk görkezdiler.

Edermen türkmen esgerleri adamzat taryhyndaky iň rehimsiz urşuň söweş meýdanlarynda görkezilen gahrymançylygy we batyrgaýlygy üçin söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandylar. Ýüzden gowrak türkmenistanly esgerler «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldular. Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen batyr we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy, milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» neşirlerinde ebedileşdirilip, bu kitaplar olaryň ýagty ýadygärligine bagyşlandy – diýip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň