Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Aşgabatda medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg güllerini ekmek işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabatda baýramçylyk çäreleri bilen bagly bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.