Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

16:2125.04.2025
0
18717
Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi
Surat: Uza.uz

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna başlyklyk etmeginiň çäginde guraldy. Duşuşyga türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada uza.uz özbek saýty ýazýar.

Duşuşygyň dowamynda esasy üns sebitiň ýurtlarynyň howpsuzlygyna abanýan häzirki zaman howplara we wehimlere baha bermekde bitewi çemeleşmeleri işläp düzmek, şeýle-de olary aradan aýyrmakda ýörite gulluklaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine gönükdirildi.

Taraplar sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga, ekstremizme, bikanun neşe we ýarag dolanyşygyna garşy göreşmek, transmilli jenaýatçylyk, maglumat we kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky möhüm meseleleri, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr bolup, sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen ýörite gulluklaryň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň esasyny goýdy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň