Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-Köl welaýatynyň Baktuu-Dolonotu obasyndaky at çapuw meýdançasynda gyrgyzlaryň milli at oýunlaryna tomaşa etdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýokary derejeli myhmanlar at çapuw meýdançasynyň girelgesinde mähirli garşylanyldy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri «Gyrgyz obasy» atly etnokompleks bilen tanyşdy. Bu ýerde gyrgyz halkynyň däp-dessurly ýaşaýyş durmuşyna degişli dürli zatlar — ak öýler, halk senetçiligi, milli tagamlar we milli geýimler görkezildi.
Şeýle hem at çapuw meýdançasynda «jorgo salyş» we «kök börü» ýaly gyrgy milli at oýunlary boýunça bäsleşikler görkezildi. Myhmanlar «Salbuu-run» atly adaty awçylyk sungatynyň çäklerinde ýyrtyjy guşlary we taýganlary ulanmak arkaly aw edilişi bilen hem tanyşdylar.
Medeni maksatnamanyň tamamlanmagy bilen, Prezident Sadyr Žaparow hormatly myhmany «Yssyk-Köl» halkara howa menziline ugratdy diýlip, habarda bellenilýär.