Hytaýda bir adam mundan 22 ýyl öň ogurlanan ogluny tapyp, oňa häzirki baý maşgalasyny terk edip, dogduk maşgalasyna dolanmagy haýyş etdi. Emma ol kakasyny sosial ulgamda gadaganlap, jaňlaryna jogap bermegi bes etdi. Bu barada «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Leý Usze 2001-nji ýylda gezelenç edip ýörkäler, ogly Çuançuany ýitirendigini gürrüň berýär. Ol aýaly bilen bilelikde, oglunyň gözlegine bir milliondan gowrak ýuan sarp edip, tutuş ýurdy aýlanypdyrlar. 300 sany poliseýe ýüz tutupdyrlar, ahyry ogullaryny 2023-nji ýylda tapmak başardypdyr. Ol wagta çenli ogullary kolleji tamamlap, marketing ulgamynda işe başlan ekeni.
Derňew wagty çagany ogurlap, baý maşgala satandyklaryny anyklapdyrlar. Poliseý edarasynda ataly-ogluň ilkinji duşuşygy dartgynly tamamlanypdyr, ogly hakyky ene-atasynyň ýanyna dolanmak islemändir. Emma kakasy ondan dogduk öýüne dolanmagy, özüni «kaka» diýip atlandyrmagy tutanýerlilik bilen talap edipdir.
Usze ogluny köpçülik öňünde parhsyzlykda, doňýüreklikde aýyplanda, ataly-ogluň gapma-garşylygy has-da ýitileşipdir.
«Sen öz näsag uýaň barada gyzyklanmadyň, meniň operasiýa bejergimden soňra halymdam habar tutmadyň. Biz saňa näme ýamanlyk etdik? Sen baý durmuşda ýaşamagy şeýle gowy görýärmiň?» diýip, kakasy oglundan janygyp sorapdyr. Netijede, ogly ony sosial ulgamda gadaganlap, jaňlaryna jogap bermegi bes edipdir. Has soňrak ataly-ogul ýene gürleşip başlapdyrlar, emma olaryň gatnaşygy öňküsi ýaly sowuk diýlip, habarda aýdylýar.