Ispaniýanyň günortasyndaky Arkos-de-la-Frontera şäherinde ýiti täsirleri halaýanlaryň şäheriň köçeleri bilen öküzden gaçýan ensýerro atly göwün açyşlygy wagtynda öküz germewi ýykyp, birnäçe adamy ýaralady diýip, «rg.ru» habar berýär.
Internetde ýerleşdirlen wideoşekillerde agyldan çykan 570 kilogram agramly äpet öküziň germewi batly süsüp ýykýandygy görünýär. Germewiň aňyrsynda duran adamlar howpsuz ýere gaçmaga ýetişmän, haýwanyň toýnaklarynyň astyna düşýärler.
Käbir tomaşaçylary öküz şahlary bilen ýaralaýar, emma has köp adam onuň toýnaklaryndan ejir çekýärler.
Ejir çekenler barada resmi maglumat berlenok.