Azerbaýjanyň Şeki etrabynda, Bakuwdan 370 kilometrlikde güýji 4 bala deň bolan ýer yranmasy boldy. Bu barada ýurduň Milli Ylymlar akademiýasyndaky seýsmologik gullugyň Respublikan merkezi habar berdi.
Merkezde ýertitremäniň ojagynyň 17 kilometrlik çuňlukda ýerleşendigini habar berdiler.
Azerbaýjanda ýer yranmasy yzygiderli hasaba alynýar. Soňky döwürde iň güýçli ýertitreme 5-nji sentýabrda ýurduň günorta-demirgazygyndaky Bilýasuwar etrabynda hasaba alyndy, onuň güýji 4,5 bala deň boldy.
Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.