Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko: Bu ýyl tertibe salmak maksatnamasy babatda örän çynlakaý bolar

14:1521.04.2025
0
16299
Lukaşenko: Bu ýyl tertibe salmak maksatnamasy babatda örän çynlakaý bolar
Surat: News.mail.ru

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko üstümizdäki ýylyň öz ýurdunda tertip-düzgün babatda örän wajyp döwür boljakdygyny aýtdy diýip, ýerli «Belta.by» portaly habar berdi.

Lukaşenkonyň: «Men özümiziň az kömek etmediklerimiziň ýaramaz işleýändiklerini bellemek isleýärin. Şonuň üçin – ybadathanada ýalan sözlemek bolmaýar – size gönimden geleýin: bu ýyl biziň ýurdumyzda tertibi ýola goýmakda örän çynlakaý döwür bolar» diýen sözlerini ady tutulan portal getirýär.

Belarusyň döwlet Baştutany şeýle hem ýurtda «Abadanlaşdyrmak ýyly» diýlip yglan edilen bu ýylyň şygarynyň diňe köçeleri arassalamakdan we bag oturtmakdan ybarat däldigine ünsi çekdi. Ol obalardaky we şäherlerdäki her bir ýaşaýjyny öz mellek ýerlerini tertibe salmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň