Watikan Rim Papasy Fransiskiň aradan çykandygyny habar berdi. «Reuters» agentligi tarapyndan çap edilen habarda onuň 88 ýaşda aradan çykandygy aýdylýar.
Papa şu ýylyň fewralynda soňra iki taraplaýyn öýken çişmesine getiren bronhit keseline uçrady. Ony Rimdäki «Jemelli» keselhanasyna ýerleşdirdiler. Ol ýerde bäş hepde bolanda, Pontifik iki gezek janyna howp salan kynçylykly ýagdaýy hem-de dört gezek agyr demgysmany başdan geçirdi.
Papa hassahanadan 23-nji martda çykdy. Şondan soňra ol diňe bir gezek köpçülikde göründi, emma resmi kabul edişlikleri alyp bardy, şol sanda britan patyşasy Karl III we ABŞ-nyň wise-Prezidenti Jeý Wens bilen duşuşdy.