Britaniýaly zenan käşiri şeýlebir ürç edip iýdi welin, indi ýüzi narynç öwüsýär diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Zenanyň öz gürrüňine görä, ol aýnadan ýüz-keşbini synlanda, reňkiniň mämişi öwüşgine beslenendigini görüp, ilki sary getirme keseline uçrandyryn öýdüpdir. Internetde kesel barada maglumatlar bilen tanşandan soňra bolsa, karotinemiýa keseline, ýagny käşiriň köp iýilmeginden döreýän ganda sary reňki döredýän pigment sökelligine duçar bolandygyna düşünipdir.
Mundan soň ol käşir iýmegini azaldypdyr, ýagny günde bäş sany käşir bilen oňupdyr. «Men käşiri gaty köp iýen bolmaly. Öň ajy käşirli tworogly okarany her günortan naharda iýerdim, sebäbi men käşiri halaýaryn, onsoňam ol arzan» diýip, zenan boýun alýar.
Käşir, mango, erik we kädi özünde beta-karotin diýen tebigy pigment saklaýarlar. Ol bu miwelerdir bakja önümlerine mahsus reňk berýär. Beta-karotini köp ulanmak wagtyň geçmegi bilen, adamyň derisiniň sary-narynç reňk almagyna sebäp bolýar, emma bu adam saglygy üçin zyýansyzdyr diýip, lukmanlar aýdýarlar.