Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:5218.04.2025
0
26857

Türkmenistan we Saud Arabystany hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy, Türkmenistan Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşuldy, «Turkish Airlines» Stambul bilen Aşgabat aralygyndaky uçuşlaryň sanyny hepdede 17-e çenli artyrar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygy we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/90100/turkmenistan-i-saudovskaya-araviya-obsudili-perspektivy-rasshireniya-sotrudnichestva

2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler halkara gatnawlaryň hukuk we logistika binýadynyň kämilleşdirilmegini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

https://turkmenportal.com/blog/90098/turkmenistan-ukreplyaet-sotrudnichestvo-s-mezhdunarodnym-centrom-transportnoi-diplomatii

3. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Howpsuzlyk, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns çekildi.

https://turkmenportal.com/blog/90099/turkmenistan-i-kyrgyzstan-obsudili-voprosy-mezhdunarodnogo-sotrudnichestva

4. Türkmenistanda Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda Kanun kabul edildi. Ýük markalary baradaky Halkara konwensiýa 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde Londonda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) başlangyjy bilen kabul edildi.

https://turkmenportal.com/blog/90106/turkmenistan-prisoedinilsya-k-protokolu-k-mezhdunarodnoi-konvencii-o-gruzovoi-marke

5. 10-njy iýundan başlap «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlary boýunça hepdelik uçuşlaryň sanyny 17-ä ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok belledi. Diplomatyň bellemegine görä, şu ýylyň 1-nji apreline çenli uçuşlaryň sany hepdede 11-den 14-e çenli artdyryldy. Ilçi syýahatçylyk ugry hökmünde türkmen raýatlarynyň Türkiýä bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/90091/turkish-airlines-uvelichit-kolichestvo-reisov-mezhdu-stambulom-i-ashhabadom-do-17-v-nedelyu

6. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň ikinji sekretary Braýan Howard Grandjin gatnaşdy. Taraplar migrasiýa babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/90087/turkmenistan-i-ssha-obsudili-perspektivy-sotrudnichestva-v-sfere-migracii

Dünýäde

1. Ýewropa Bileleşigi sürüjilik şahadatnamasyny bermegiň täzelenen düzgünlerini kabul etdi. Esasy täzelik raýatlaryň ykjam enjamlarynda saklap bilmegi üçin sanly şahadatnamanyň girizilmegi bolar. Elektron sürüjilik şahadatnamalaryny 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýaşaýjylary üçin elýeterli etmek göz öňünde tutulýar. Sanly sürüjilik şahadatnamalary ÝB-e agza ähli ýurtlarda resmi taýdan ykrar ediler, raýatlar adaty plastik şahadatnamalaryny hem alyp bilerler. Iki görnüşiň hem hereket edýän möhleti 15 ýyl bolar.

https://turkmenportal.com/blog/90107/v-es-vnedryat-elektronnye-voditelskie-prava

2. Ýewropanyň kosmos agentliginiň habaryna görä, Ýeriň töweregindäki kosmos giňişliginde hapalanma ýagdaýy hasam erbetleşýär. Häzirki wagtda Ýeriň aşaky orbitasynda, ýerden 160-dan 2000 km çenli belentlikde azyndan 6600 tonna kosmos galyndylary bar. Bir ýyl ozal bu görkeziji 6000 tonna töweregi bolup, meseläniň çalt ösýändigini görkezýär. Bilermenler kosmos galyndylarynyň işleýän hemralara çynlakaý howp salýandygyny bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/90086/kosmicheskii-musor-na-orbite-zemli-dostig-6600-tonn

Sport täzelikleri

1. Anna Çaryýewa we Jahan Rejepowa Gresiýanyň Rodos şäherinde geçirilen çalt küşt oýnamak boýunça çagalaryň we ýaşlaryň dünýä çempionatynda Türkmenistana iki bürünç medal getirdiler. 8 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Anna Çaryýewa mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplap, diňe Gazagystanyň çempion bolan we Hindistanyň kümüş medal gazanan küştçülerinden ýeňildi. 16 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde çykyş eden Jahan Rejepowa hem 8 utuk toplady. Ol ikinji tapgyrda ýaryşyň geljekki çempiony Gazagystanyň küştçüsini ýeňip, bäş tapgyryň netijeleri boýunça öňdebaryjy boldy. Altynjy we ýedinji tapgyrlarda ýeňlişe sezewar bolsa-da, Jahan özüni ele alyp, baýrak gazananlaryň üçlügine girmegi başardy.

https://turkmenportal.com/blog/90065/turkmenskie-shahmatistki-zavoevali-bronzovye-medali-na-chempionate-mira-po-rapidu-v-grecii

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň