Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

15-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:5215.04.2025
0
25913

Türkmenistanyň Prezidenti Osakada geçirilýän «EKSPO 2025-de» ýurduň milli pawilýonyny açdy, Türkmenistanda «Awtomobil ulagy hakynda» Kanuna üýtgetmeler girizildi, Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygynyň saýty işe girizildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny açdy. Dabaraly çäräniň dowamynda döwlet Baştutany gutlag sözi bilen çykyş etdi we üç gatly sergi binasynyň açylyşynyň nyşany hökmünde toý bagyny kesdi. Açylyş dabarasyndan soň döwlet Baştutany Ýaponiýanyň resmi adamlary bilen bilelikde ýurduň ykdysadyýet, medeniýet we senagat pudaklarynda gazananlaryny görkezýän milli pawilýon bilen tanyşdy.

https://turkmenportal.com/blog/89979/prezident-turkmenistana-otkryl-nacionalnyi-pavilon-na-ekspo2025-v-osake

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda ýurduň Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurduň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi maksat edinýändigini belledi.

https://turkmenportal.com/blog/89980/prezident-turkmenistana-nazval-yaponiyu-mnogoletnim-nadezhnym-i-stabilnym-partnerom

3. Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli Osaka şäherinde geçirilýän EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki çärelere gatnaşandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokio şäherine ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiň uçary Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Tokionyň howa menzilinde türkmen döwletiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

https://turkmenportal.com/blog/89982/vizit-prezidenta-turkmenistana-v-yaponiyu-prodolzhitsya-v-tokio

4. Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygyna bagyşlanan täze maglumat-hasaba alyş çeşmesi işe girizildi. Onlaýn platforma diňe bir çäre barada giňişleýin maglumatlary däl, eýsem, durnukly ösüşi üpjün etmek we global gün tertibiniň esasy maksatlaryna ýetmek üçin sebitiň ýaşlaryny bir ýere jemlemegiň ähmiýetine gönükdirilen dürli materiallary hem öz içine alýar. Saýt üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.

https://turkmenportal.com/blog/89977/sait-vtoroi-vstrechi-dialoga-stran-centralnoi-azii-zapushchen-v-turkmenistane

5. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda awtomobil ulaglaryndaky gatnawlaryň howpsuzlygyny we ulag hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň hukuklaryny kadalaşdyryjy «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanuny makullandy. Kabul edilen üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hem-de Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi awtomobil ulagy ulgamynda döwlet gözegçiligini we dolandyryşyny amala aşyrýan edara hökmünde kesgitlenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89963/v-turkmenistane-prinyaty-izmeneniya-v-zakon-ob-avtomobilnom-transporte

6. Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň (TEIF 2025) guramaçylary bu forumyň energetika we durnukly ösüş pudagyndaky möhüm wakalaryň birine öwrüljekdigini belleýärler. 23-24-nji aprelde Malaýziýada geçiriljek bu çärä dünýäniň energetika ulgamyndaky iň uly we abraýly guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Şeýle ýokary wekiliýetleriň gatnaşmagy uly energetika kuwwatyna eýe döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornunyň barha pugtalanýabdygyny we onuň durnukly energetika geljegini öňe sürmek ugrundaky tagallalarynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Häzirki wagta çenli dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň maliýe guramalarynyň we energiýa, infrastruktura hem-de ýaşyl tehnologiýalar ugurlarynda öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerinden 300-den gowrak gatnaşyjynyň foruma gatnaşjakdygy tassyklandy.

https://turkmenportal.com/blog/89952/glavy-krupneishih-mezhdunarodnyh-energeticheskih-organizacii-vystupyat-na-teif-2025-v-kualalumpure

7. Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2025) öz işine başlady. Olimpiada Türkmenistanyň 26 sany ýokary okuw mekdebine wekilçilik edýän 400-den gowrak talyp hem-de Russiýa, Özbegistan, Indoneziýa, Eýran, Polşa, Rumyniýa, BAE, Hindistan ýaly ýurtlardan jemi 137 talyp gatnaşýar.

https://turkmenportal.com/blog/89975/v-ashhabade-startovala-v-otkrytaya-mezhdunarodnaya-matematicheskaya-olimpiada

Dünýäde

1. Londonyň Patyşalyk kollejiniň alymlary ilkinji gezek laboratoriýa şertlerinde adam dişlerini üstünlikli ösdürdiler. Innowasion tehnologiýa hassanyň öz öýjüklerinden dişleri döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle biologiki dişleriň adaty implantlardan we doldurgyçlardan esasy artykmaçlygy äň süňküne doly birleşmek we tebigy dişler ýaly kabul edilmek ukybydyr.

https://turkmenportal.com/blog/89953/v-velikobritanii-uchenye-vpervye-vyrastili-chelovecheskie-zuby-v-laboratornyh-usloviyah

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasynyň (TMESF) prezidenti Mekan Eýeberdiýew Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) müdiriýetiniň düzümine girdi, şeýle-de Merkezi Aziýanyň kibersport birleşiginiň wise-prezidenti wezipesine saýlandy.

https://turkmenportal.com/blog/89971/glava-tmesf-voshel-v-pravlenie-aziatskoi-federacii-kibersporta

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň