Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde uly seslenme döreden «Humaý» atly aýdymy döredijiler sylaglandy

14:1615.04.2025
0
28373
Dünýäde uly seslenme döreden «Humaý» atly aýdymy döredijiler sylaglandy
Surat: Rg.ru

Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynda dünýä meşhur «Humaý» atly aýdymyň awtorlary, Ufanyň «AY YOLA» toparynyň artistleri sylaglandy. Ýagny Rinat Ramazanow Başgyrdystan Respublikasynyň halk artisti, Ruslan we Adel Şaýhitdinowlar Başgyrdystan Respublikasynyň at gazanan artistlerti diýen ada mynasyp boldular diýip, «rg.ru» habar berdi.

Respublikanyň ýolbaşçysy Radiý Habirow bu barada: «Biziň Ufadan «AY YOLA» etnosaz toparymyz «Humaý» diýen aýdymy bilen dünýä we umumyrus çartlarynda öňdeligi gazanmagy başardy. Artistlere berekella! Olara Başgyrdystanyň medeniýetiniň ösmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirýärin» diýdi.

Mart aýynda çykan «Humaý» aýdymy ýüz millionlarça adam diňledi we oňa üns henizem egsilerli däl. Mysal üçin, «Shazam» saz serwisinde başgyrt sazandalary birinji orny eýelemegi başardylar.

«AY YOLA» topary golaýda peýda boldy. «Humaý» olaryň ikinji aýdymydyr. Toparyň «Batyr» diýen birinji aýdymy 21-nji fewralda çykdy, emma o diýen üstünlik gazanyp bilmedi. Aýdymlaryň ikisi hem başgyrtlaryň «Ural batyr» atly eposyna bagyşlanandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň