Şu gün Aşgabatda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2025) öz işine başlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Olimpiada Russiýa, Özbegistan, Indoneziýa, Eýran, Polşa, Rumyniýa, BAE, Hindistan ýaly ýurtlardan jemi 137 talyp gatnaşýar. Türkmenistandan bolsa oňa ýurduň 26 ýokary okuw mekdebine wekilçilik edýän 400-den gowrak talyp gatnaşýar.
V Açyk halkara matematika olimpiadasy ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilýär. Şu gün açylyş dabarasyndan soňra talyplar ýekebara görnüşde geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, matematika degişli çylşyrymly meseleleri çözmekde zehin-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen wekiliýet toparlary üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde Aşgabadyň ajaýyp ýerlerine gezelençleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Şu gün hem myhmanlar Aşgabadyň döwrebap söwda-dynç alyş merkezlerine baryp gördüler.
V Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2025) 18-nji aprelde jemleniler.
