Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan MAFA-nyň 10-njy Kongressine gatnaşdy

15:4814.04.2025
0
15622
Türkmenistan MAFA-nyň 10-njy Kongressine gatnaşdy
Surat: Stadion.uz

Golaýda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) 10-njy ýubileý Kongressi geçirildi. Oňa MAFA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň futbol federasiýalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada stadion.uz özbek saýty ýazýar.

Kongressde sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygy bellenilip, MAFA-nyň çäginde dürli derejedäki ýaryşlary guramaçylykly we yzygiderli geçirmekligiň zerurdygyna üns çekildi.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde sebitiň döwletleriniň futbolyna döwrebap tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, MAFA-nyň başlangyjy bilen FIFA-nyň we AFK-nyň maksatnamalary esasynda okuw sapaklaryny, nazary-amaly türgenleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň