Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan GDA-nyň DIM-leriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

13:4411.04.2025
0
10416
Türkmenistan GDA-nyň DIM-leriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Surat: mfa.gov.kg

Şu gün Almaty şäherinde GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş sekretary gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Arkalaşygyň çäklerindäki syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda daşary syýasat, howpsuzlyk, kazyýet-hukuk we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredildi.

Mejlise gatnaşyjylar Ministrler Geňeşiniň, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňdäki mejlislerinde tassyklanmaga hödürlenjek birnäçe resminamany makulladylar.

Çäreniň netijeleri boýunça GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisiniň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilmegi baradaky karar kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň