Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan häzirki wagtda kemala gelýän köppolýar dünýä ulgamynda öz ýurdunyň möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Ol bu barada Türkiýäniň parlamentindäki dolandyryjy partiýanyň fraksiýasynyň ýygnagynda nygtady diýip, «Report» ýazýar.
Ärdoganyň sözlerine görä, häzirki dowam edýän çynlakaý ählumumy prosesleriň netijesinde dünýä bir polýarlykdan köppolýar ulgama okgunly geçýär.
«Türkiýe bu özgerişliklerde, gürrüňsiz, wajyp orny eýeleýär. Biz dünýä sahnasyndaky tiz özgerişlikler şertlerinde durnuklylygyny saklamagy başarýan az sanly ýurtlaryň biridiris. Bu gün Türkiýä daşyndan haýsydyr bir talaby dakmak mümkin däl. Bizsiz täze dünýä tertibi döredilip bilinmez» diýip, Ärdogan nygtady.