11-nji aprelde Gazagystanyň Almaty şäherinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisi geçiriler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa metbugat brifinginde mälim etdi diýip, «TASS» ýazýar.
M.Zaharowanyň aýtmagyna görä, mejlise Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşar. Russiýa bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem mejlise gatnaşmagyna garaşylýar.
M.Zaharowa duşuşykda taraplaryň halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşjakdyklaryny hem-de Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyny nazarlaýan tagallalaryň utgaşdyrylmagyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny belledi.