Şu gün Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag täze şäheriň sazlaşykly ösüşinde we ony abadanlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan işler barada giňişleýin maglumat berýän birnäçe şekil taslamalaryny synlady.
Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň «Ahalteke atlary» şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şekil taslamalar barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda şöhraty dünýä dolup, ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleri oturdylar. Heýkelleri döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirildi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewiň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň halkyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine bolan buýsanjynyň we söýgüsiniň artmagyny şertlendirer.