Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar welaýatynda ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirmek işine badalga berildi

12:5209.04.2025
0
12276

Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki, Hojambaz we Halaç etraplarynda ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça işlere guramaçylykly girişildi – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ýakyn wagtlarda sebitiň beýleki etraplarynda hem ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek işleri başlanar.

Lebabyň ýüpekçileri şu möwsümde 27 656 ýüpek gurçugyndan dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan — ýüpek pilesiniň 1010 tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu Türkmenistanda öndürilýän ýüpek pilesiniň umumy möçberiniň ýarysy diýen ýalydyr.

Şu möwsümde bu welaýatda daşary ýurt sortlary bilen bir hatarda «Lebap-1», «Lebap-2», «Dostluk-1», «Dostluk-2», «Türkmen», «Ak pile» ýaly sortlary hem ösdürilip ýetişdiriler.

Häzirki wagtda welaýatyň 23 müňe golaý tejribeli ýüpekçileri bilen şertnamalar baglaşyldy, welaýatyň ähli etraplarynda möwsüme ýüpek pilelerini kabul etmek we guratmak üçin sehler doly taýýar edildi.

Neşirde bellenilişi ýaly, bu kärende eýelerinden önümleri üznüksiz kabul etmegi, şeýle hem pileleriň hilini çalt kesgitlemegi, olary zerur bolan şertlerde saklamagy we agrotehniki kadalar boýunça degişli işleri geçirmegi üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň