Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Russiýadaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Batyr Berdigylyjow TASS habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde golaý wagtdan Zemindäki ähli adamlaryň 100 ýyldan hem uzak ýaşap başlajakdyklaryny gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, adamlar eýýäm uzak ýaşap başladylar, keselleriň häzirki zaman öňüni alyş usullary, gowulanýan iýmit, has amatly durmuş we zähmet şertleri, lukmançylyk kömegine elýeterlilik ömrüň ortaça dowamlylygynyň artmagyna oňyn täsir edýär.
Berdigylyjow şonuň üçin dünýäde köp adamlaryň ýedi onlugy tegelejekdiklerine, hatda ondanam uzak ömür sürmäge bil baglap biljekdiklerini nygtady. Ýeriň ilatynyň paýynda gartaşan ýaşlylaryň paýy hem gitdigiçe artýar. 2020-2050-nji ýyllar aralygynda 80 ýaşlylaryň we ondan ulularyň sany üç esse köpelip, 426 mln adama deň bolar.
Lukmançylygyň gazananlary netijesinde ömrüň dowamlylygy adam bedeniniň biologik mümkinçilikleriniň mümkin bolan çäklerine çenli ýokarlanar.