Çikagodaky haýwanat bagynda saklanýan Siku lakamly aýynyň keseli ahyry anyklandy. Köp wagt bäri onuň tüýüni birdenkä dökmeginiň hem-de gijilewükden ejir çekmeginiň syry anyklamak başartmaýardy. Görlüp oturylsa, haýwanda adamlara allergiýa bar ekeni diýip, «Kronen Zeitung» gazeti habar berdi.
Linkoln-Parkyň işgärleri köp ýyl bäri Sikunyň tüýüni dökmegine geň galýardylar. Ol sürenindäki çem gelen zatlara gijilewügini köşeşdirmek üçin oýkanýardy, onuň güýçli gijilewükden ejir çekýändigi bildirýärdi.
Derisinden nusga alnyp allergiýa keseline barlaglar geçirilenden soňra, aýynyň öý sakyrtgalaryna we dürli tozanlara allergiýasynyň bardygy anyklandy. Hünärmenleriň käbiri fermalardaky we haýwanat bagyndaky haýwanlaryň adam tarapyndan döredilen gurşawda ýaşaýandyklary sebäpli allergiýadan ejir çekýändigini çaklaýarlar. Bu bolsa olaryň immun ulgamynda sazlaşyklylygy bozýar.
Häzirki wagtda Sikunyň ýagdaýy gözegçilik astynda, oňa ýörite dermanlary berdiler.