Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda Aşgabatda geçirjek halkara foruma BMG-niň wekilleri resmi taýdan çagyryldy. Bu barada BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar hyzmatdaşlyk we halkara gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylaryna Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan resmi çakylyklar gowşuryldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň 2 — 4-nji aprelde durnukly ösüş boýunça geçiren sebitleýin maslahatyna gatnaşdy. Forumyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şol sanda gender deňligini, mynasyp iş şertlerini üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we deňiz ekoulgamyny goramak boýunça ileri tutulýan milli garaýyşlar tanyşdyryldy.