«Maýnkraft» (A Minecraft Movie) filmi dünýä prokatyna çykan ilkinji dynç günlerinde 301 million amerikan dollaryny toplady. «Variety» žurnalynyň ýazmagyna görä, meşhur kompýuter oýnunyň esasynda surata düşürilen «Maýnkraft» öňki oýun esasly filmleriň arasynda iň oňat görkeziji gazandy diýip, «rg.ru» ýazýar.
Film ýerli prokatda 157 mln dollar kassa ýygymyny gazanyp, bu görkeziji babatda «Mario superdoganlar» atly filmden (146 mln dollar) hem ozdurdy. Filmiň prokatdaky üstünligini maşgala kinosyna islegiň ýokarydygy bilen baglaýarlar.
Jared Hessiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen filmde Jek Blek, Jeýson Momoa, Daniel Bruks, Emma Maýers we Jennifer Kulij ýaly tanymal aktýorlar çykyş edýärler.