Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilen ilkinji “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” sammitinde aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belledi. Şolaryň arasynda “TACIS-TEMPUS”, “ERASMUS-MUNDUS”, “DARYA” ýaly giň gerimli maksatnamalar bar.
"Hususan-da, Türkmenistanda “ERASMUS-MUNDUS” we “ERASMUS+” maksatnamalarynyň çäklerinde magistr maksatnamalary, bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak, durnukly ösüşi we akademiki ykjamlygy goldamak boýunça 40-dan gowrak taslama amala aşyryldy" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu işi ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň talaplaryna, isleglerine jogap bermek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Munuň özi ýokary tehnologiýaly kärhanalarda işleýän ýokary hünärli tehniki işgärleri taýýarlamak babatda örän möhümdir.
Türkmenistanyň Prezidenti taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle-de syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň hem geljeginiň uludygyny nygtady.
«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammit 4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştanyň, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýeniň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň ýolbaşçysy hanym Nadýa Kalwinýonyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassonyň gatnaşmagynda geçirildi.