Afrikadaky Kongonyň ýaşaýjylary özleriniň ýerli halkyň dilinde mokele-mbembe diýlip atlandyrylýan rowaýaty janly dinozawrlary görendiklerini barha köp habar berýärler diýip, «Popular Mechanics» žurnalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Ýerlileriň sözlerine görä, mokele-mbembe begemotyň, şahburnuň we piliň aralygyndaky äpet jandardyr. Ol, hamala, Merkezi Afrikanyň Kongo basseýnindäki batgalyklarda we derýalarda ýaşaýarmyşyn. Bu dinozawrlar barada ýerli taýpalar ýewropaly alymlara ХХ asyryň başyndan bäri gürrüň berip gelýärler.
Emma alymlar bu myş-myşlaryň dogrudygyna ynanmaýarlar. Muňa garamazdan, mokele-mbembe barada rowaýatlar günbatarly alymlaryň arasynda belli bir derejede meşhurlyk gazandy, çünki olar Merkezi Afrikany siwilizasiýanyň we ewolýusiýanyň düýbünden täsir etmedik sebiti hasaplaýarlar.