Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukman günde iki litr suw içmek baradaky maslahaty makullamady

18:0702.04.2025
0
21798
Lukman günde iki litr suw içmek baradaky maslahaty makullamady
Surat: Gazeta.ru

Gije-gündizde iki litr suw içmek barada hemmelere degişli edilýän kada howaýydyr, sebäbi suwuklyga talap şahsy aýratynlyklara baglydyr. Bu barada Russiýanyň Widnowskiý kliniki hassahanasynyň terapewt-lukmany Milena Osmanowa «RIA Nowosti» habarlar gullugyna gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Günde iki litr suw barada aýdylýanyň ylmy esasy ýok. Bu kada agrama, işjeňlige, howanyň ýagdaýyna we saglyga baglydyr. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ölçegine görä, bu 1 kg agrama 30-35 ml suwa deňdir. Mysal üçin, 70 kg agram üçin 2100-2450 ml. Türgenleşikde bir sagada 500 ml goşuň» diýip, Osmanowa düşündirdi.

Adam suwuklygyň 20 göterimini iýmitden: çorbalardan, gök-bakja önümlerinden we miwelerden alýar. Zenanlara gije-gündizde 2-den 2,5 litre çenli, erkeklere 2,5-den 3,5 litre çenli suw içmek maslahat berilýär.

Göwreli zenanlara adaty kadanyň üstüne 0,5 litr, bäbekli zenanlara 0,7-den 1 litre çenli goşmak gerek. 1-den 3 ýaşa çenli çagalara 1–1,3 litr, 4-den 8 ýaşa çenlilere— 1,3–1,7 litr, 9-dan 13 ýaşa çenlilere— 1,7–2,4 litr suw içmek gerek. Ýetginjeklere her gün 2-3 litr suw içmek maslahat berilýär diýip, lukman nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň