Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Jeff Bezosyň we telegepleşikleri alypbaryjy zenan Loren Sançes Wenesiýada nika toýuny tutarlar, muny şäheriň häkimi Luiji Brunýaro tassyklady. Bu barada «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.
Wenesiýanyň häkimi jübütleriň toýuna çagyrylanlaryň o diýen kän däldigini, bary-ýogy 200 adamdygyny habar berdi. Häkim munuň şäheriň durmuş üpjünçiligi ulgamlary üçin päsgelçilik döretmejekdigini nygtaýar. Deslapky maglumata görä, toý dabarasy 24-26-njy iýunda bolar.
Geçen ýyl tutuş dünýä «asyryň toýuna» syn etdi — 12-14-nji iýulda Hindistanyň iň baý adamy Mukeş Ambaniniň ogly Anandyň toýy boldy. Milliarder toýuň myhmanlarynyň 1200-sine hyzmat etmek üçin 2 müň adamy hakyna tutdy. Onlarça aşpezler myhmanlary ertirlikleriň, günortan we agşam naharlarynyň 2500 görnüşi bilen hezzetlediler.