Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada «Halypanyň güni» döredildi

09:0702.04.2025
0
13171
Russiýada «Halypanyň güni» döredildi
Surat: RBK

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin öz Permany bilen «Halypanyň güni» atly täze baýramçylygy kesgitledi, onuň maksady halypalyk mekdebini wagyz etmekden we ösdürmekden ybaratdyr diýip, «rg.ru» ýazýar.

Resminama laýyklykda, russiýalylar «Halypanyň gününi» 2-nji martda bellärler. Perman gol çekilen gününden güýje girýär.

Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýyl Russiýada «Mugallymyň we halypanyň ýyly» diýlip yglan edilipdi. Ýyl ylmy pedagogikany esaslandyran Konstantin Uşinskiniň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bilen badalga aldy. Ýylyň jemleri boýunça ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýeleýänler hem-de ýaş hünärmenler üçin täze goldaw çäreleri girizildi, mysal üçin, 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap iş berijiler öz işgärlerine halypalyk edýändikleri üçin goşmaça sylaglary tölemäge borçly edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň