Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada nahardan alaka we saçakçy tapylandygy sebäpli 2 müň restoran wagtlaýyn ýapylýar

20:1631.03.2025
0
22140
Ýaponiýada nahardan alaka we saçakçy tapylandygy sebäpli 2 müň restoran wagtlaýyn ýapylýar
Surat: Snob.ru

Ýaponiýadaky «Sukiýa» restoranlar zynjyry tutuş ýurtda özüniň 2 müňe golaý naharhanasyny wagtlaýyn ýapmakçy, muňa nahardan alaka we saçakçy tapylmagy sebäp boldy. Bu barada TASS habar berdi diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.

Kompaniýanyň bu barada beýanatynda golaýda hasaba alnan birnäçe ýakymsyz waka sebäpli müşderilerden ötünç soralýar.

«Sukiya» – Ýaponiýada meşhur gaýnadylan etli we tüwüli, sogan garylan «gýudon» atly fastfuda ýöriteleşen restoranlar zynjyrydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň