Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş bilen duşuşdy.
Duşuşykda çagalaryň hukuklary, maşgala gurluşyny goramak, durmuş hyzmatlary we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk tarapy ýurtda 2025-nji — Maşgala ýylynyň çäginde maşgala gurluşyny güýçlendirýän syýasatlary goldamak, halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak we bilelikdäki taslamalary ösdürmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mundan başga-da, ministr Mahinur Özdemir Göktaş Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda maşgalanyň binýatlaryny berkitmek, zenanlary goldamak, çagalaryň hukuklaryny goramak we durmuş ugurly syýasatlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada giňişleýin pikir alşyldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Türkiýe Respublikasynyň maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş bilen duşuşandygyny habar beripdik. Duşuşykda taraplar dostlukly türkmen-türk gatnaşyklary, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda çagalaryň hukuklaryny goramak ugrundaky strategik häsiýetli we umumy maksatlara üns çekildi.