Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin ýurduň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan döredilen ykdysady ugruň özüniň täsirliligini görkezýändigini aýtdy. Onuň bu barada sözlerini «duma.gov.ru» getirýär.
«Biziňki Prezident babatda çüwdi, bu biziň artykmaçlygymyz, biziň artykmaçlygymyz nebit hem däl, gaz hem däl. Bu gün muny tutuş dünýä ykrar etdi» diýip, Döwlet Dumasynyň Başlygy RF-niň Hökümetiniň ýyllyk hasabaty ara alnyp maslahatlaşylýarka nygtady.
Ol Russiýanyň garşysyna eýýäm 28 müňden gowrak sanksiýanyň girizilendigini ýatlatdy. «Dünýäde hiç bir ýurt şeýle basyşa sezewar bolmandy» diýip, DD-niň Başlygy sözüniň üstüne goşdy.
Wýaçeslaw Wolodin ýurduň Hökümetine döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryny ýeterlik derejede netijeli durmuşa geçirýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. «Ählisi dürlüçe, biri has täsirli, beýlekisi biraz, emma ählisi toplumlaýyn alnanda, Prezident tarapyndan işlenip düzülen ykdysady nusga öz işe ukyplylygyny subut edýär, böwetleri ýeňip geçýär» diýen Wolodin geçen ýylyň jemleri boýunça Russiýanyň dünýäde iň çalt depginde ösýän bäş ykdysadyýetiň hataryna girýändigini belledi.
Ol şeýle hem «ýurt hakda pikir etmelidigini, ýurt üçin göreşmelidigini, onuň gurply bolmagy ugrunda elden geleni etmelidigini» nygtady.
Mundan başga-da DD-iň Başlygy bu gün Wladimir Putiniň Prezident saýlananyna 25 ýylyň dolandygyny ýatlady.
«Geliň, öz Prezidentimize häzirki kyn bolmadyk şertlerde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmaýandygy üçin minnetdarlyk bildireliň. Hut onuň hyzmaty bilen täsirli syýasy ulgam, ykdysady nusga kemala getirildi. Elbetde, Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti hem Prezidentiň goldaw bermeginde işleýär, Prezident her hepdede Hökümet bilen, gubernatorlar bilen ýygnaklary geçirýär. Biz onuň goldawyny hemişe duýýarys» diýip, Wýaçeslaw Wolodin aýtdy. Deputatlar onuň teklibini el çarpyşmalar bilen garşyladylar.