Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini bellediler. Şoňa laýyklykda, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň daşary syýasatda yglan eden oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan deň hukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekde parlament hyzmatdaşlygynyň ornunyň ýokarlanýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglanyşykly geljekde parlament wekilleriniň iş saparlarynyň we duşuşyklarynyň guralmagynyň ähmiýetiniň uly boljakdygy beýan edildi.
Parlamentara dostluk toparynyň agzalary 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýokary derejedäki halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.