Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýaly gyzy ýyldyrym urandan soňra gözüniň reňki üýtgedi

18:2027.03.2025
0
29707
Awstraliýaly gyzy ýyldyrym urandan soňra gözüniň reňki üýtgedi
Surat: Daily Mail

Awstraliýaly gyzyň ýyldyrym urandan soňra gözüniň reňki üýtgedi. Yzýanyndan onuň tutuş bedeni hereketsiz galdy diýip, «Daily Mail» neşiri ýazýar.

Waka Karli atly gyz süýşüp gelýän harasaty wideo düşürmekçi bolanda boldy. Ony ýyldyrym urdy.

«Men elimi-de, aýagymy-da gymyldadyp bilmeýärdim» diýip, ol ýatlaýar.

Waka şaýat bolan goňşy aýal «tiz kömegi» çagyrdy. Karliniň el-aýagy göm-gök bolupdy, dem almasy-da kynlaşdy. Lukmanlar ony tok urandygyny anykladylar. Karli dokuz sagatlap ysmaz galdy, geplände-de sözüne düşünip bolmady. Iki hepdeden soňra ol aýaga galdy. Emma Karli gözüniň reňkiniň üýtgändigini gördi.

«Men aýna bakamda, gök gözlerimiň garalandygyny gördüm. Görlüp oturylsa, tok urandan soňra şeýle bolýan ekeni» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Gyz şeýle hem süýr depesinde diýseň duýgur tegmiliň dörändigini aýdýar. «Ol eliňi degirseň, gyzgyn, men hatda süýr depämdäki saçymy-da darap bilemok» diýip, Karli zeýrenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň