Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýanyň uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:4926.03.2025
0
16751

Şu gün Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa Sunway uniwersitetiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow öz çykyşynda «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekdäki ähmiýetini belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň ähmiýetine hem-de onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde konstruktiw serişde hökmünde peýdalanylmagyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi çekildi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby Sunway uniwersitetiniň kitaphana gaznasyna gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň