Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri barada maglumat berip, möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdi we pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagy, hormatly Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy, şeýle hem ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türk işewürini Aşgabatda geçirilýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň çäklerinde görýändigine şatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny ornaşdyrmakda, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde halkara maslahatlary we sergi işi möhüm orun eýeleýär. Bu çäreler ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Gahryman Arkadag Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum üçin döredilen oňyn şertleriň özara gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we pugtalandyrmakda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holdingiň” eýeleýän möhüm ornuny nygtady.
Işewür iri we möhüm taslamalaryň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparyna ynanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
"Açylyp ulanylmaga berilýän, şeýle hem gurluşygy dowam edýän iri desgalar saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň netijeli işlemegine şert döreder. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bu pudagy dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, halkyň saglygyny berkitmek we ynsan ömrüni uzaltmak üçin amala aşyrylýan ägirt uly işlerinde ýardam berer" diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we Türkmenistanyň amala aşyrýan taslamalarynda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri kompaniýanyň ýerine ýetirýän işlerinde mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we innowasion enjamlary giňden ulanjakdygyna berk ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.