Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Respublikanyň atom energetikasy boýunça agentligini döretmek barada Permana gol çekdi. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Resminama laýyklykda, agentlik döwlet edarasy görnüşli bolup, gönüden-göni Prezidente garaşlydyr. Agentlik Gazagystanyň Energetika ministrliginiň hukuk oruntutary bolup durýar.
Gazagystanyň Atom energetikasy boýunça agentligine ýolbaşçy edilip, öň Energetika ministrligine baştutanlyk eden Almasam Satkaliýew bellendi.