Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» Aşgabatda geçýän sergide önümlerini tanyşdyrýar

14:5818.03.2025
0
16295

«Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen gaplamalaryny öndürijileriň öňdebaryjylarynyň biri bolan «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä önümleri bilen gatnaşýar.

Şeýle hem «Rowachlan Galkynysh» «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça guralýan halkara foruma gatnaşyjylaryň hataryndadyr.

Kärhana sergide önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda ýük göterijiligi 800 kilogramdan 2 tonna çenli bolan uly «big-beg» haltalaryny hem görkezýär. Berkligi we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan bu haltalara senagatyň dürli pudaklarynda hem-de oba hojalygynda uly isleg bildirilýär.

«Rowachlan Galkynysh» — bu önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga, assortimentini giňeltmäge we önümleriniň mukdaryny ýokarlandyrmaga işjeň maýa goýýan döwrebap hem depginli ösýän kärhanadyr. Kärhana ýokary hil ülňülerini üpjün etmäge eýermek bilen, müşderileriň isleglerine uly ähmiýet berýär.

Kärhananyň önümleri GDA-nyň köp ýurtlaryna netijeli eksport edilýär. Munuň özi olaryň ýokary hiline we bäsdeşlige ukyplylygyna şaýatlyk edýär.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň sergide tanyşdyrýan diwarlygy bilen 19-njy marta çenli baryp tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň